Gyrgyzystanda dünýäde iň uzyn aýnaly asma köprini gurmak meýilleşdirilýär

Düýn, 16:555,952

Gyrgyzystanda Ginnesiň rekordlar kitabyna dalaş etjek dünýäde iň uzyn aýnaly asma köprini gurmak meýilleşdirilýär. Onuň uzynlygy 732 metre barabar bolar.

Köpriniň gurluşyk taslamasy Gyrgyzystanyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň ýolbaşçysy Kanybek Tumanbaýewiň Ýewropa kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşygynda maslahatlaşyldy. Ol «Ala-Arça» döwlet tebigy seýilgähine baryp, hünärmenler bilen bilelikde gurluşyk meýdançasyna aýlanyp gördi.

Taslama laýyklykda, köprini gurmak işlerine 2026-njy ýylyň noýabr aýynda başlamak we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Gurluşyk tamamlanandan soň, bu köpri dünýäde iň uzyn aýnaly asma köpri bolup biler. Ony Ginnesiň rekordlar kitabyna girizmek mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Tepşi belentliginden Teke-Too dagyna we şaglawuga çenli ekologik pyýada ugruny abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Ozal «Ala-Arça» tebigy seýilgähinde döwrebap asma ýoly açylypdy we dynç alyş öýleri gurlupdy. Häzirki wagtda ol ýerde bäş ýyldyzly myhmanhananyň gurluşygy tamamlanyp barýar.