Russiýa 14-nji oktýabrdan başlap, daşary ýurt raýatlary üçin wizalary gyssagly resmileşdirmek boýunça konsullyk ýygymlaryny ýokarlandyrdy. Üç iş gününiň dowamynda resmileşdirilýän wizalaryň bahasy iki esse ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Üýtgeşmeler Russiýanyň hökümetiniň 2026-njy ýylyň 2-nji oktýabryndaky karary esasynda girizildi. Täze nyrhlar adaty okuw we üstaşyr wizalardan başga-da, wizalaryň köp görnüşini gyssagly resmileşdirmek üçin ulanylýar.
Iş wizalaryny we wagtlaýyn ýaşamaga rugsatnama (RVP) almak üçin berilýän wizalary resmileşdirmegiň ýygymlary hem ýokarlandyryldy.
Şahsy, işewürlik we ynsanperwerlik wizalary:
- adaty tertipde: bir gezeklik — 80 dollar, iki gezeklik — 128 dollar, köp gezeklik — 240 dollar;
- gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 dollar, iki gezeklik — 512 dollar, köp gezeklik — 960 dollar.
Syýahatçylyk wizalary:
- adaty tertipde: bir gezeklik — 80 dollar, iki gezeklik — 128 dollar;
- gyssagly tertipde: bir gezeklik — 320 dollar, iki gezeklik — 512 dollar.
RVP esasynda berilýän wizalar:
- adaty bir gezeklik — 160 dollar;
- gyssagly bir gezeklik — 640 dollar.
Iş wizalary:
- adaty tertipde: bir gezeklik — 160 dollar, iki gezeklik — 256 dollar, köp gezeklik — 480 dollar;
- gyssagly tertipde: bir gezeklik — 640 dollar, iki gezeklik — 1 024 dollar, köp gezeklik — 1 920 dollar.
Konsullyk ýygymlarynyň beýleki nyrhlary üýtgewsiz galdy. Ilçihana ýüz tutujylara täze nyrhlar bilen öňünden tanyşmagy we konsullyk bölüminiň kassasynda töleg etmek üçin zerur serişdeleri öňünden taýýarlamagy maslahat berýär.