Diňe tomus ýa diňe deňiz däl: Türkiýe syýahatçylary ähli pasylda-da kabul etmek isleýär

Düýn, 10:203,660

Türkiýe syýahatçylyk möwsümini bütin ýyla uzaltmagy we ony ýurduň ähli 81 welaýatynda-da deň derejede ösdürmegi maksat edinýär. Bu barada Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, ýurduň her bir künjeginde «açylmagyna garaşýan gözellikler» we «aýdylmagyna garaşýan taryh» bar.

«Biz tebigy we medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de ony geljek nesillere geçirmek bilen bir hatarda, syýahatçylygy dört pasylda we 81 welaýatda giňeltmek ugrunda işleýäris».

Ersoý tebigata we medeni gymmatlyklara aýawly çemeleşmegiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady. Ol bu çemeleşmäniň we halkyň özüne mahsus myhmansöýerliginiň dünýäniň dürli künjeklerinden bolan syýahatçylary dowamly özüne çekmäge ýardam etjekdigine ynanýar.

Syýahatçylyk tärleriniň üýtgemegi jahankeşdeleriň islegleri bilen hem gabat gelýär. Mundan ozal Antalýanyň häkiminiň syýahatçylyk boýunça geňeşçisi hem-de Türkiýäniň Myhmanhana eýeleriniň assosiasiýasynyň (TUROFED) başlygy Osman Aýyk syýahatçylaryň endikleriniň barha üýtgeýändigini belläpdi. Onuň aýdyşy ýaly, syýahatçylar Antalýa, tomsuň tüp yssy döwrüne garanyňda, güýz paslynda syýahat etmäge has köp ýykgyn edýär.