Türkmenistanda elektron wiza bermek ulgamy işe girizilýär

Şu gün, 08:304,619

Migrasiýa hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we olaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 1-nji oktýabryndan başlap daşary ýurt raýatlaryna elektron wiza (e-Visa) bermek ulgamy işe girizilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy habar berdi.

Täze ulgam daşary ýurt raýatlaryna Türkmenistana gelmek üçin zerur resminamalary resmileşdirmek we degişli işleri geçirmek üçin sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berer. Şeýle hem resminama dolanyşygynyň elektron görnüşde alnyp barylmagy wizany almak bilen bagly işleriň has çalt we ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrylmagyna ýardam eder.

Elektron wiza ulgamynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, migrasiýa hyzmatlaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga we bu hyzmatlary sanly ulgam arkaly has-da döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berer.