GDA ýurtlary syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň çärelerini tassyklady

Şu gün, 12:09864

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşi Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň 2021–2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça 2027–2028-nji ýyllar üçin Çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Degişli çözgüt 7-nji oktýabrda Awazada geçirilen GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisinde kabul edildi diýip, Arkalaşygyň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär.

Täze ikiýyllyk resminama ýedi bölümden ybarat bolup, hukuk taýdan düzgünleşdirmek işlerini, statistik hasaby, syýahatçylyk hyzmatlaryny bermegiň hil standartlaryny kämilleşdirmek, syýahatçylaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň howpsuzlyk ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri göz öňünde tutýar.

Şeýle-de Meýilnama syýahatçylaryň ýerleşýän ýerlerini we degişli syýahatçylyk infrastrukturasyny ösdürmegi, ylmy üpjünçiligi we bilim ulgamyny kämilleşdirmegi hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy öz içine alýar. Çäreleriň aýratyn toplumy çagalar, ýaşlar we sosial syýahatçylygy goldamaga, sebitara ugurlaryň ulgamyny giňeltmäge, syýahatçylyk önümlerini ilerletmäge we pudagyň maglumat üpjünçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär.

Resminama uzak möhletli taslamalary we maksatnamalary, şeýle hem guramaçylyk-amaly çäreleri özünde jemleýär. Onuň durmuşa geçirilmegi GDA ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň güýçlerini birleşdirmäge, milli syýahatçylyk guramalarynyň özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge we Arkalaşygyň döwletleriniň umumy syýahatçylyk giňişligini emele getirmäge mümkinçilik berer.