Norwegiýanyň fýordlary 2027-nji ýylda syýahat üçin iň gowy ýer saýlanyldy

Düýn, 20:201,526
1 / 2

«National Geographic» neşiri Günbatar Norwegiýanyň Bergen şäheriniň töwereginde ýerleşýän gözel tebigatly Westlann sebitini 2027-nji ýylda syýahat etmek üçin iň gowy ýer diýip saýlady.

Neşiriň hünärmenleri aýlaglaryň (fýord) аrаsynda haýran galdyryjy başdangeçirmelerden lezzet almak we dynç almak üçin Norwegiýanyň bu sebitine gitmegi maslahat berýär.

«Aýlaglar Norwegiýanyň günorta-günbataryndaky tükeniksiz uçut gaýaly, mawy suwly we şaglawukly Westlann okrugynyň landşaftyny edil skandinaw miflerinden çykan ýaly kesip geçýär. Bu ýerdäki tebigy täsinlikler haýran galdyrýar: nirä gitseňiz hem sizi ajaýyp ýabany tebigat garşylaýar» diýip, makalanyň awtorlary belleýär.

Hünärmenler, hususan-da, Hardanger aýlagyna, Norwegiýanyň iň uly buzluklarynyň biri ýerleşýän Folgefonna milli parkyna, 700 metr beýiklikde gök kölüň üstünde abanyp duran «Trol dili» gaýasyna hem-de uzynlygy 16 kilometrden gowrak bolan Nereý aýlagyna üns bermegi maslahat berýär.

Şol bir wagtda, Westlannyň hut merkezinde ähli tarapyndan ýedi sany dag bilen gurşalan Bergen şäheri ýerleşýär. Birwagtlar Bergen möhüm merkez bolup, onda söwdagärler deňiz ýollaryny we kakadylan treska söwdasyny gözegçilikde saklapdyr. Häzirki günde Brýuggeniň orta asyr çägi erteki sahnasyny ýada salýar – bu ýerde daş düşelen köçeleri, täsin gurluşly binalary we agaçdan salnan dürli reňkli öýleri görmek bolýar.

Umuman, reýtinge dünýä boýunça 25 sany syýahatçylyk ugry girizildi:

  1. Westlann, Norwegiýa

  2. Penang, Malaýziýa

  3. Luksor, Müsür

  4. Medison, Wiskonsin, ABŞ

  5. Puerto-Riko

  6. Damfris we Galloweý, Şotlandiýa

  7. Niigata, Ýaponiýa

  8. Çendu, Hytaý

  9. Ýuwaş umman kenarýakasynyň awtomobil ýoly, Kaliforniýa, ABŞ

  10. Jaýpur, Hindistan

  11. Grenada

  12. Salwador, Braziliýa

  13. Froward burny, Çili

  14. Santander, Ispaniýa

  15. Normandiýa, Fransiýa

  16. Günorta Ozark, ABŞ

  17. Galifaks, Täze Şotlandiýa, Kanada

  18. Zakawkaz ýoly, Ermenistan

  19. Melburn, Awstraliýa

  20. Leýpsig, Germaniýa

  21. Baltimor, Merilend, ABŞ

  22. Malawi

  23. Maýýa Kaan, Meksika

  24. Gdansk, Gdynýa we Sopot, Polşa

  25. Kuelap, Peru

Neşiriň bellemegine görä, «Okyjylaryň saýlawy» baýragyna ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Katalina adasy mynasyp boldy.