Tailandyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin 450 bat (takmynan, $13,5) möçberinde ýygym girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada degişli başlangyjyň taslamasyna salgylanyp, «The Nation» neşiri ýazýar.
Ilkibaşda hökümet ýurda uçar arkaly gelýänler üçin 300 bat ($9), gury ýer we deňiz ýoly bilen gelýänler üçin bolsa 150 bat ($4,5) möçberinde töleg girizmegi meýilleşdiripdi. Indi bolsa häkimiýetler ýurda geliş usulyna garamazdan, syýahatçylar üçin 450 bat möçberinde bir umumy tölegi girizmegi maslahatlaşýar.
Ilki bilen töleg Tailanda uçar arkaly gelýän syýahatçylardan, soňra gury ýer ýa-da suw ýoly bilen gelýänlerden alnyp başlanar. Şeýle başlangyjy öňe sürenleriň pikiriçe, diňe awiaýolagçylardan alynjak salgyt ýurduň Syýahatçylygy ösdürmek gaznasyna bir ýylda 12 milliard batdan ($360 mln töweregi) gowrak girdeji getirip biler. Taslama doly işläp başlanyndan soň, bu görkeziji 15 milliard bata ($450 mln) ýeter.
«Toplanan serişdeler Tailandyň syýahatçylyk infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga we howpsuzlyk standartlaryny ýokarlandyrmaga gönükdiriler, bu bolsa pudagyň döwlet býujetine doly bagly bolmazdan ösmegine ýardam eder» diýip, Tailandyň Jemgyýetçilik bilen aragatnaşyk departamenti aýdýar.
Tölegi 2027-nji ýylyň birinji çärýeginden alyp başlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda bu taslama 28-nji sentýabra çenli dowam etjek jemgyýetçilik maslahatlaşmasyndan geçýär. Soňra resminama Syýahatçylyk syýasaty boýunça milli komitet we hökümet tarapyndan serediler.
Mundan öň Tailand 60 ýurtdan gelýän syýahatçylar üçin wizasyz bolmak möhletini 30 güne çenli gysgaldypdy. Täze düzgünler bu möhleti bir gezekleýin ýene-de 30 gün uzaltmaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin Tailandyň Immigrasiýa gullugyna ýüz tutmaly we 58 dollar möçberinde ýygym tölemeli.