Startaplary başlatmak üçin iň gowy şäherleriň sanawy düzüldi

02.02.2026, 12:531,631

San-Fransisko şäheri startaplary işe girizmek üçin dünýäniň iň amatly şäheri diýlip ykrar edildi. Bu barada ​"Time Out" neşiri "Multipolitan" konsalting firmasynyň barlaglaryna salgylanyp ýazýar.

​Amerikanyň bu megapolisiniň sanawda öňdäki orny eýelemegi, wençur maýa goýumlarynyň uly göwrümi, ugurdaş kompaniýalaryň jemlenmegi we ösen sanly düzüm bilen düşündirilýär.
​Migrasiýa we göçüş meseleleri bilen meşgullanýan kompaniýanyň hünärmenleri ilkinji üçlüge Sýurih we Dubaý şäherlerini hem goşdular. Reýting telekeçilik işjeňligine, innowasiýalaryň derejesine, hünärmen gorunyň hiline we biznesi dolandyrmagyň çeýeligine esaslanyp düzüldi.
​Startaplar üçin iň gowy 10 şäher:

  1. ​San-Fransisko, ABŞ
  2. ​Sýurih, Şweýsariýa
  3. ​Dubaý, BAE
  4. ​Singapur
  5. ​Nýu-Ýork, ABŞ
  6. ​Los-Anjeles, ABŞ
  7. ​Seul, Günorta Koreýa
  8. ​London, Beýik Britaniýa
  9. ​Gonkong
  10. ​Pariž, Fransiýa

​"Startaplar ýerli baýlygy täzeden paýlaýarlar, täze nesil telekeçileri terbiýeleýärler we şäheriň mümkinçilikler üçin açykdygy barada dünýä yşarat berýärler" — diýip, "Multipolitan" hünärmenleri bellediler.