ABŞ-da GTA 6 oýnuny geçen we seljeren adama $135 müň tölener

Şu gün, 21:211,100

Kalshi çaklama bazarlarynyň amerikan biržasy «Grand Theft Auto VI» (GTA VI Researcher) oýny boýunça gözlegçi hünärine iş ornuny açdy, onuň iň ýokary iş haky 135 müň dollar bolar. Bildiriş kompaniýanyň öz ýörite sahypasynda ýerleşdirildi.

Işe 19-njy noýabrda oýun çykan dessine — gije sagat 12:00-da başlamaly. Oýnuň gidişini tutuşlygyna Twitch ýa-da YouTube platformalarynda web-kamera arkaly göni ýaýlymda görkezmeli we relizden soňky ilkinji günlerde oýna günde 10 sagatdan gowrak wagt sarp etmeli bolar.

Şeýle hem borçlara GTA 6-nyň içindäki ykdysady mehanizmleri öwrenmek, oýun walýutasyny gazanmagyň iň netijeli usullaryny gözlemek hem-de «Leonidanyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy» baradaky hasabatlary we jemleýji doklady taýýarlamak girýär.

Mundan başga-da, gözlegçi geýmer amerikanlaryň hakyky sarp ediş häsiýetine baha bermeli: näçe adamyň oýun üçin işden rugsat aljakdygyny, iýmit eltmek hyzmatyna bolan islegiň nähili artjakdygyny we ofislerde öndürijiligiň näderejede peseljekdigini hasaplamaly bolar.

GTA 6 gözlegçisi wezipesine 18 ýaşyny dolduran, azyndan 10 ýyllyk oýun tejribesi bolan we öz kanallarynda (Twitch ýa-da YouTube) azyndan 3 ýyl göni ýaýlym alyp barmak tejribesi bolan adamlar dalaş edip biler.

Ykdysadyýet we maliýe ugry boýunça tejribäniň bolmagy bolsa geýmerlere artykmaçlyk berer.

Kalshi tehniki üpjünçiligi we hojalyk çykdajylaryny öz üstüne alýar. Oýun gözlegçisine PlayStation 5 ýa-da Xbox, 100 dýuýmlyk telewizor, şeýle hem DoorDash hyzmaty arkaly iýmit sargyt etmek üçin günde goşmaça 75 dollar berler.

Pul baýragy 100–120 müň dollar möçberindäki esasy tölegden we 15 müň dollarlyk kepillendirilen bonusdan ybarat.