Şweýsariýanyň Prezidenti Gi Parmelen hökümetden gitmek kararyna geldi

Düýn, 07:352,255

Şweýsariýanyň Prezidenti we ykdysadyýet ministri Gi Parmelen 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda ýurduň hökümeti bolan Federal geňeşden çekiljekdigini mälim etdi.

Ol bu kararyny beýleki syýasatçylar üçin orun boşatmak isleýändigi bilen düşündirdi.

Parmelen 2015-nji ýylyň ahyrynda Federal geňeşe saýlanypdy we hökümetde 11 ýyl işledi. Şol döwürde ol 2021-nji we 2026-njy ýyllarda iki gezek Şweýsariýanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirdi. 2016–2018-nji ýyllarda Goranmak boýunça federal departamente ýolbaşçylyk etdi. 2019-njy ýyldan bäri bolsa Ykdysadyýet, bilim we ylmy barlaglar boýunça federal departamenti dolandyrýar.

Şweýsariýada Prezidentiň ygtyýarlyk möhleti bary-ýogy bir ýyl dowam edýär. Bu wezipäni eýeleýän adam «deňleriň arasynda birinji» (primus inter pares) diýlip hasaplanýar. Ol hökümetiň mejlislerine başlyklyk edýär we wekilçilik wezipelerini ýerine ýetirýär, şol bir wagtyň özünde beýleki ministrler bilen deňhukukly hökümet agzasy bolup galýar.

Parmeleniň prezidentlik möhleti hem 2026-njy ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanmalydy. 2027-nji ýylda bu wezipäni başga bir ministr — Inýasio Kassis eýelär.

Parmeleniň 31-nji dekabrda wezipesinden gitjekdigi baradaky beýany diňe prezidentlik möhletiniň tamamlanmagyny däl, eýsem onuň hökümetdäki işiniň hem bes ediljekdigini aňladýar.

Şweýsariýanyň hökümetiniň ýedi agzasy parlament tarapyndan saýlanýar we adatça, birnäçe möhletläp öz wezipelerinde galýar.

Parmelen häzirki hökümetiň düzüminde iň uzak işleýän agza boldy.