Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal departamentiniň başlygy Inýasio Kassisi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Inýasio Kassis görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi we Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Myhman gürrüňiniň dowamynda Aşgabat şäheriniň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň özünde ýakymly täsirleri galdyrandygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň barşynda ÝHHG-niň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem-de ikitaraplaýyn türkmen-şweýsar gatnaşyklaryna üns berildi. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň adam hukuklaryny, demokratik ýörelgeleri üpjün etmäge döwlet derejesinde möhüm ähmiýet berýändigini we bu ugurlarda ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýändigini aýtdy.
«Biziň energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna howpsuz we ygtybarly iberilmegini üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüş üçin şertleri döretmek, ulag mümkinçiliklerimizi doly ulanmak, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn şertlerimiz bar» – diýip, döwlet Baştutany belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge taýýardygy bellenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Şweýsariýada golaýda bellenilen Milli güni bilen Inýasio Kassisi we şweýsar halkyny gutlady. Myhman minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä nusgalykdygyny we Şweýsariýanyň hem hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Duşuşygyň soňunda taraplar özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.