Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýanyň Prezidentini ýurduň milli baýramy bilen gutlady

01.08.2025, 05:485,855

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Karin Keller-Zuttere tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.
Konfederasiýa güni Şweýsariýada her ýylyň 1-nji awgustynda bellenilip geçilýär.
Baýramçylyk 1291-nji ýylda üç kantonyň - Uri, Şwis we Unterwalden kantonlaryň birleşmegi netijesinde Şweýsariýanyň emele gelmeginiň hormatyna bellenilip geçilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.