Pardaýewa, Rahymow we ýene 8 türkmen dzýudoçysy Lozannadaky ýaryşa gatnaşar

Düýn, 23:19725
1 / 2

Türkmenistandan Maýsa Pardaýewa, Serdar Rahymow we ýene sekiz dzýudoçy 28 — 30-njy awgust aralygynda Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçiriljek Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşar. Ýaryş 78 ýurtdan 532 türgeni jemlär.

Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän türgenler:

  • Erkekler: Ural Bagtyýarow, Ygtyýar Gurbanberdiýew (60 kg), Serdar Rahymow (66 kg), Meýlis Şamyradow, Allamyrat Annagurbanow (73 kg), Agajan Aýhanow, Batyr Merdanow (81 kg), Baýmyrat Majanow (100 kg).
  • Zenanlar: Maýsa Pardaýewa, Medine Oraznyýazowa (57 kg).

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby Maýsa 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eder.

Pardaýewa şu ýyl öz netijelerini ep-esli gowulandyrdy. Ol Mongoliýadaky «Ulaanbaatar Grand Slam 2026» ýaryşynda bürünç medal gazandy, soňra Hytaýda geçirilen «Qingdao Grand Prix 2026» Gran-prisinde yzygiderli alty ýeňiş bilen altyn medala mynasyp boldy. Türgen üçin bu halkara arenasynda ilkinji altyn medaly boldy.

Şol üstünlikleriň netijesinde Maýsa Halkara Dzýudo Federasiýasynyň (IJF) reýtinginde 1200 utuk toplady. Bu ýaryşlaryň ikisi-de 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyryna degişlidir.

22 ýaşly Rahymow 2024-nji ýylyň maý aýynda abraýly «Dushanbe Grand Slam» ýaryşynda altyn medal gazandy. Bu türkmen sportunyň taryhynda dzýudo boýunça Uly tuwulga ýaryşlarynda ilkinji altyn medal boldy. Şeýle hem ol ýaşlaryň arasyndaky Ýewropa kubogynyň (Saraýewo, 2023) altyn medalynyň, Rimde geçirilen Açyk Ýewropa çempionatynyň (2023) kümüş medalynyň we Rigadaky ýaryşyň (2024) kümüş medalynyň eýesidir.

Pardaýewa we Rahymow 2024-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etdi, olaryň ikisi-de ýaryşy 1/8 final tapgyrynda tamamlady.

Lozannadaky ýaryş IJF Dünýä turunyň çäginde ilkinji gezek esasy gatnaşyjylar bilen bir hatarda mümkinçiligi çäkli dzýudoçylaryň hem çykyş etjek Uly tuwulga ýaryşy hökmünde taryha girer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.