ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Daniýa we Grenlandiýa bilen ylalaşyk gazanylandygy barada habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, bu ylalaşyk Birleşen Ştatlara Grenlandiýanyň howpsuzlygy bilen baglanyşykly meselelerde hemişelik gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Daniýanyň we Grenlandiýanyň häkimiýetleri hem ylalaşygyň Daniýanyň özygtyýarlylygyny hem-de çäk bitewüligini, şeýle-de Grenlandiýanyň halkynyň öz ykbalyny özbaşdak kesgitlemek hukugyny ykrar edýändigini aýdyp, resmi beýanat bilen çykyş etdiler.
Resminama indiki hepde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde gol çekmek meýilleşdirilýär. Ylalaşyk gol çekilenden soň güýje girmegi üçin zerur parlament proseduralaryndan geçmeli bolar.
Trampyň aýtmagyna görä, ABŞ Grenlandiýanyň we özüniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin adada zerur çäreleri görmäge mümkinçilik alar. Şeýle-de ol ABŞ-nyň razylygy bolmazdan başga ýurtlaryň Grenlandiýada strategik ähmiýetli maýa goýumlaryny amala aşyryp bilmejekdigini aýtdy. Ol bu ylalaşygyň ABŞ üçin «hiç hili çykdajy getirmejekdigini» aýratyn belledi.
Daniýanyň premýer-ministri Mette Frederiksen ylalaşygyň «Arktikada we Demirgazyk Atlantika sebitinde umumy howpsuzlygy berkidýändigini» nygtady.
Grenlandiýanyň hökümetiniň ýolbaşçysy Ýens-Frederik Nilsen hem ylalaşyga oňyn baha berdi. Ol bu resminamanyň Grenlandiýanyň bähbitlerini we halkara hyzmatdaşlygyndaky ornuny ykrar edýändigini belledi.