SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask, Anduril kompaniýasyny esaslandyran Palmer Lakki we ABŞ-nyň Wekiller palatasynyň öňki spikeri Nýut Gingriç Pentagonyň geljekde uruş alyp barmagyň tärlerini öwrenmäge gönükdirilen täze «Meridian» taslamasynyň ýolbaşçy düzümine girer. Bu barada ABŞ-nyň goranmak ministri Pit Hegset mälim etdi.
Hegsetiň aýtmagyna görä, taslamanyň çäklerinde geljekki harby çaknyşyklarda ýüze çykyp biljek meseleleriň çözgütlerini tapmak üçin amerikan tehnologiýa hünärmenleriniň, telekeçileriniň we beýleki bilermenleriniň mümkinçiliklerinden peýdalanylar.
Palmer Lakki Axios neşirine beren gürrüňdeşliginde taslama gatnaşyjylaryň diňe häzirki zaman harby çaknyşyklaryny däl, eýsem, 2030-njy, 2050-nji we 2100-nji ýyllarda bolup biläýjek uruşlary hem öwrenjekdiklerini aýtdy. Şeýle hem olar şol uruşlaryň öňüni almak üçin ABŞ-nyň şu gün haýsy tehnologiýalary we ulgamlary döretmelidigini kesgitlär.
Hegset Wirjiniýa ştatyndaky deňiz goşunynyň harby bazasynda çykyş edip, bir ýyldyzdan dört ýyldyza çenli harby derejesi bolan generallaryň we admirallaryň eýeläp biljek wezipeleriniň sanyny 20 göterim azaltmak meýilnamasynyň bardygyny hem habar berdi.
Ilon Maskyň täze taslamanyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi, onuň Donald Trampyň administrasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň täzeden resmi häsiýete eýe bolýandygyny aňladýar. Bilşimiz ýaly, Mask ozal federal hökümetiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça departamentden (DOGE) gidipdi. Şondan soň onuň bilen Trampyň arasynda birnäçe düşünişmezlik ýüze çykypdy.