1-nji oktýabrdan Ýaponiýada hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň bahasy 20 esse gymmatlady we indi 200 müň ýena (1270 dollar) barabar boldy. Şeýle-de, hemişelik ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almak isleýän dalaşgärler üçin talaplar güýçlendirildi.
Bu üýtgeşmeler premýer-ministr Sanae Takaitiniň migrasiýa gözegçiligini güýçlendirmek boýunça çäreleriniň çäginde geçirilýär.
Indi ýurtda hemişelik galmak isleýän daşary ýurtlular ýyllyk girdejisiniň ortaça görkezijiden ýokarydygyny we ýapon dilini, iň bolmanda, adaty söhbetdeşlik üçin ýeterlik derejede bilýändigini subut etmeli bolar. Şeýle hem dalaşgärler jemgyýetçilik kadalaryna düşünýändigini we 30 ýylyň dowamynda salgyt tölän adamyň pensiýasyna barabar pensiýa tölegleriniň bardygyny görkezmelidir.
Täze düzgünleriň güýje girmeginiň öňüsyrasynda immigrasiýa edaralarynyň öňünde köp sagatlyk nobatlar döredi. Daşary ýurt raýatlary resminamalaryny bahalar gymmatlamazdan öň resmileşdirmäge ýetişjek boldy.
Üýtgeşmeler wagtlaýyn ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň bahasyna hem täsir etdi. Öň bellenilen töleg 6 000 ýena (38 dollar) bolan bolsa, indi onuň bahasy ýurtda galmagyň soralýan möhletine bagly bolar. Üç aýa çenli möhlet bilen berilýän ýaşaýyş ygtyýarnamasy üçin töleg 10 müň ýenadan (takmynan, 63 dollar) başlanýar.
Hemişelik ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegiň täze düzgünleri geçen ýyl biznesi dolandyryjylar üçin wiza talaplarynyň berkidilmegini gazanan dolandyryjy Liberal-demokratik partiýanyň çözgütlerinden soň girizildi. Geçen ýylky düzgünler boýunça, telekeçiler täze şertleri ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda Ýaponiýany terk etmeli bolar.
2025-nji ýylda saýlanan premýer-ministr Sanae Takaiti migrasiýa syýasatyny öz hökümetiniň işiniň esasy ugurlarynyň birine öwürdi.
Iýul aýynda Ýaponiýa 1978-nji ýyldan bäri ilkinji gezek wiza ýygymlaryny ýokarlandyrypdy. Olar birbada bäş esse artdy.
Ilatyň garramagy sebäpli Ýaponiýa daşary ýurtdan işçi güýjüne mätäçlik çekýär. 2025-nji ýylyň ahyryndaky maglumatlara görä, 122 million töweregi adam ýaşaýan bu ýurtda 4 milliona golaý daşary ýurt raýaty bar.