Ýaponiýada işgär ýetenok: kompaniýalarda hünärmenleriň takmynan 70%-i daşary ýurtlular

Şu gün, 12:444,388

Ýapon kompaniýalarynyň agramly bölegi düýpli hünärmen ýetmezçiligi sebäpli, daşary ýurtlulary işe çekýär. Bloomberg agentliginiň salgylanýan barlagyna görä, şeýle kompaniýalaryň paýy 68,2 göterime deň boldy.

Işewürlik toparlary muny ýurtdaky ilat sanynyň azalmagy we garramagy bilen düşündirýär. Şonuň bilen birlikde, ýurtda işsizligiň ýyllyk derejesi peselip, iýul aýynda ol 2,4%-e düşdi.

Ýaponiýada ýaşaýan daşary ýurtlularyň sany 2025-nji ýylyň ahyrynda ilkinji gezek 4 million adamdan geçdi. Ýurduň Adalat ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu görkeziji bir ýylda 9,5% artyp, rekord derejä ýetdi.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetler daşary ýurtly işgärleri çekmegiň şertlerini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Munuň amala aşyrylmagy bolsa, işgär ýetmezçiliginden ejir çekýän kompaniýalaryň ýagdaýyny has-da çylşyrymlaşdyryp biler.

Ilat we sosial üpjünçilik milli barlaglar instituty ýurtdaky ilatyň düzüminde daşary ýurtlularyň paýynyň mundan beýläk hem artjakdygyny çaklaýar. 2070-nji ýyla çenli bu görkeziji, 2020-nji ýyldaky 2,2%-e garanyňda, 10,8%-e ýetip biler.

Kyodo agentligi Ýaponiýanyň raýatlarynyň sanynyň soňky 42 ýylda ilkinji gezek 120 milliondan aşak düşüp, 119 736 483 adama deň bolandygyny mälim edýär. Hökümetiň görýän çärelerine garamazdan, ýurtdaky çaga dogluş derejesi pesligine galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.