Ýaponiýada 14 000 dollar baýrakly uky çempionaty geçiriler

Düýn, 21:502,559

2026-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Tokioda Mattrace by Koala atly uky çempionaty geçiriler. Baýrak gaznasy 14 müň dollar bolan bäsleşikde 90 minutlap hemmeden iň gowy uklap ýatan gatnaşyjy ýeňiji bolar.

Bäsleşigi Koala Japan kompaniýasy gurnaýar. Bir günüň dowamynda, takmynan, 20 gatnaşyjydan ybarat üç ýaryş geçirmek meýilleşdirilýär. Isleg bildirýänleriň sany köp bolsa, gatnaşyjylar tötänleýin tertipde saýlanylar.

Bäsleşik mahalynda meýletinçiler ukularynyň çuňlugyna we hiline, şeýle hem uka gidiş tizliklerine we ukularynyň durnuklylygyna baha berýän datçikler oturdylan Koala matraslarynda ýatarlar.

Şeýle-de bolsa, diňe uklap ýatmak ýeterlik bolmaz. Gatnaşyjylaryň amatsyz şertlerde-de gowy ukusyny alyp bilýändigini barlamak üçin guramaçylar olary ýöriteläp bimaza edip, päsgelçilik döredip durarlar.

Bäsleşik başlamazdan öň gatnaşyjylar ýörite rahat uky üçin taýýarlyk maşklaryny ýerine ýetirerler we netijä täsir edip biljek dürli aksessuarlary dakynmaly bolar. Mundan başga-da, iň süýji uka gidenler we dünýäni bilmän üýtgeşik ýagdaýda ýatanlar üçin goşmaça baýrak göz öňüne tutular.