Aýratyn bir «taýpa»: Ýaponiýada gartaşan işgärleri näme üçin penjiräniň garşysynda oturdýarlar

Düýn, 09:304,662

Ýaponiýada ýerine ýetirýän öňki wezipesine zerurlygy ýiten ýaşuly işgärleri goldamagyň özboluşly korporatiw medeniýeti emele geldi. Ýurtda şeýle işgärleri işden boşatmaga derek, olary möhüm taslamalara gatnaşmagy talap edilmeýän wezipelere geçirýärler.

«Fortune» neşiriniň ýazmagyna görä, şeýle işgärler edarada köplenç penjirä ýakyn stola göçürilýär, olara diňe kagyz resminamalar ýa-da hat-pet bilen bagly ownuk-uşak işler ýüklenilýär. Şeýlelikde, olar işe gatnap, aýlyk almagyny dowam etdirýär.

Il içinde şeýle işgärlere «madogiwazoku» diýilýär. Bu söz ýaponlarda «penjire öňündäki taýpa» diýen manyny berýär.

Adatça, şeýle ýagdaýlarda gürrüň ýaşy 60-dan geçen işgärler barada gidýär. Olara sanly tehnologiýalaryň çalt özgerişine uýgunlaşmak käbir ýagdaýlarda kyn düşýär. Şol sebäpden adamlary işsiz goýmazlyk üçin kompaniýalar olary has ýeňil wezipelere geçirýär.

Bu ýagdaý Ýaponiýanyň zähmet bazarynyň özboluşly aýratynlyklary bilen baglanyşdyrylýar. Ýurtda uzak ýyllaryň dowamynda ömürlik işe kabul etmek ulgamy giňden ýaýran. Şeýle-de zähmet hakynyň köplenç iş döwrüniň dowamlylygyna (iş stažyna) bagly bolmagy möhüm orun eýeleýär. Üstesine-de, hemişelik işgäri işden çykarmak henizem kanunçylyk we jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan aňsat däl. Zähmet şertnamasynyň iş beriji tarapyndan ýatyrylmagy kompaniýalar üçin uly biabraýlyk hasaplanýar.

2025–2026-njy ýyllaryň görkezijilerine görä, Ýaponiýanyň ilatynyň 29%-den gowragyny 65 ýaşyndaky we ondan uly adamlar düzýär. Bu dünýäde iň ýokary görkezijileriň biridir. Ýurtda zähmet güýjüniň ýetmezligi sebäpli, işleýänleriň, takmynan, ýediden biri (13-14%-den gowragy) pensiýa ýaşyndaky adamlardyr. Hökümet hem kompaniýalary adamy 70 ýaşa çenli iş ýer bilen üpjün etmegi kanun esasynda borçly etdi.