Han, Ahmed we Aly Britaniýada däp bolan iňlis familiýalarynyň ornuny tutdy

Düýn, 22:231,526

Soňky 30 ýylyň dowamynda Angliýada we Welsde täze doglan çagalaryň arasynda giňden ýaýran on familiýanyň sanawy düýpli üýtgedi. Beýik Britaniýanyň Milli statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, reýtinge Han, Ahmed, Aly, Husseýn, Singh, Patel we Kaur ýaly familiýalar girip, birnäçe däp bolan britan familiýalary bolsa öz eýeleýän orunlaryny ýitirdi.

1996-njy ýylda ilkinji onluga Smit, Jons, Wilýams, Teýlor, Braun, Dewis, Ewans, Tomas, Jonson we Wilson girýärdi. 2026-njy ýyla çenli sanaw düýbünden başgaça boldy: Smit, Jons we Wilýams bilen bir hatarda, oňa Günorta Aziýadan we musulman jemgyýetlerinden bolan adamlaryň arasynda giňden ýaýran familiýalar goşuldy.

«Daily Mail» neşiriniň maglumatyna görä, Jons we Wilýams familiýalarynyň ulanylyş ýygylygy, takmynan, 43 göterim azaldy, Han, Ahmed we Aly familiýalary bolsa iki esse köp duş gelip başlady. Singh we Kaur familiýalary azyndan bäş esse köp ulanylýar.

Migrasiýa gözegçiligi boýunça analitik merkeziniň wekili Rob Beýts bu üýtgeşmeleri ýurtda çalt bolup geçýän demografik özgerişler bilen baglanyşdyrýar. Onuň beren bahasy guramanyň garaýşyny görkezýär we statistika gullugynyň özbaşdak netijesi däldir.

Ata-eneleriň çagalara at saýlap almakda islegleri hem üýtgeýär. Neşiriň maglumatyna görä, Muhammed ady eýýäm üç ýyl yzygiderli Angliýada we Welsde oglan çagalar üçin iň meşhur at bolup galýar: 2025-nji ýylda ol 5957 täze doglan çaga dakyldy. Gyz çagalaryň arasynda bolsa eýýäm dördünji ýyl Oliwiýa ady öňdeligi saklaýar. Lili ady ikinji orna göterildi, Ameliýa bolsa üçünji orna düşdi. Oglanlaryň arasynda Noa ady ikinji, Leo ady bolsa üçünji boldy.