Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu barada THP habar berýär.
Dabaraly çärä diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdy.
Kitabyň neşir edilmegi türkmen Bitaraplygynyň taryhy köklerine we hukuk binýadyna, şeýle hem ýurduň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ýörelgelerine bagyşlanandyr.
Dabarada çykyş edenler parahatçylyk söýüjilige we özara ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň hem ýapon diline terjime edilendigi ýatlanyp geçildi. Şeýle-de, ýurtda ýapon dilini öwrenmäge bolan gyzyklanmanyň artýandygyna we onuň ýurduň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde ikinji daşary ýurt dili hökmünde okadylýandygyna üns çekildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» kitaby azerbaýjan dilinde çap edilipdi. Şeýle-de, ol rus we iňlis dillerinde okamak üçin elýeterlidir.