Türkmenistanda 146 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama ýurtda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylmagyna görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde gol çekdi.
Ýokarda agzalan 146 adamyň arasynda dünýäniň ýedi döwletiniň raýaty we 16 milletiň wekilleri bar. Olaryň 99-sy aýal-gyzlar, 47-si bolsa erkek adamlardyr.
Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň bellemegine görä, şu güne çenli Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama jemi 5294 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adama berildi.