Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Hasyl toýy mynasybetli sowgatlar gowşuryldy

Şu gün, 09:441,641
1 / 2

Hasyl toýy mynasybetli çagalar edaralarynda terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýjülikler we ýörite sowgatlar gowşuryldy.

TDH agentliginiň habar berşi ýaly, sowgatlar Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän çagalara, şeýle hem paýtagtdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara berildi.

Çäreleriň dowamynda çagalara saglyk we abadançylyk arzuw edildi.

Çagalar görkezilen üns we alada üçin minnetdarlyk bildirip, öz hoşallyklaryny aýdymlaryň, tanslaryň we goşgularyň üsti bilen beýan etdi.