Türkmen we özbek gümrükçileri serhetden geçýän ýük akymyny artdyrmagyň mümkinçiligini öwrenýär

Düýn, 18:032,332

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly iş duşuşygy geçirildi. 

Gepleşikler iki ýurduň gümrük edaralarynyň başlyklarynyň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygynda geçdi diýip, türkmen edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşykda türkmen-özbek serhedinde ýerleşýän «Farap awtoýollary» hem-de «Alat» gümrük nokatlarynyň ulag geçirijilik mümkinçiliklerini doly kuwwatynda peýdalanmak we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberlerini artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu serhetýaka gözegçilik-geçiriş ýeri diňe bir ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarda däl, eýsem «Gündogar-Günbatar» we beýleki halkara ulag geçelgeleriniň ugry boýunça üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde hem uly ähmiýete eýedir.

«Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkunyň düýpli täzelenmegi netijesinde onuň ulag geçirijilik kuwwaty 2 esse artyp, bir günde 1000 awtoulagy geçirmäge mümkinçilik berdi.

Özbek edarasynyň maglumatyna görä, serhet arkaly geçýän ýük awtomobilleriniň gündelik ortaça sany 2024-nji ýyldaky 530 ulagdan 2025-nji ýylda 700-e, 2026-njy ýylyň ilkinji 10 aýynda bolsa 780-e ýetdi. 27-nji oktýabr – 2-nji noýabr aralygynda bu görkeziji bir gije-gündizde 1 müň awtoulaga deň bolup, 17-nji oktýabrda bolsa 1,2 müňe ýakynlaşdy.

Şeýle hem taraplar Özbegistanyň üstünden geçýän üstaşyr ýük daşamalarynyň artandygyny belledi. Häzirki wagtda «Alat» nokadyndan Türkmenistana tarap günde ortaça 165 sany üstaşyr ýük ulagy geçirilýär — bu 2024-nji ýyldakydan üç esse köpdür.

Gepleşikleriň netijesi boýunça taraplar «Farap awtoýollary – Alat» gözegçilik-geçiriş ýerindäki gümrük nokatlarynyň işi bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen bilelikdäki duşuşyklary geçirmek barada pikir alyşdy.