Aşgabatda GDA ýurtlarynyň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün, 05:1160

Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçdi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljekki bilelikdäki işleriň meýilnamalaryny maslahatlaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Gatnaşyjylaryň üns merkezinde medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, halkara festiwallaryny we Medeniýet günlerini geçirmek, şeýle hem döredijilik we hünärmen alyşmalaryny giňeltmek meseleleri boldy.

Medeniýet ulgamynda 2026–2028-nji ýyllar üçin Esasy hyzmatdaşlyk çärelerine we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän taslamalara aýratynlykda seredildi. Şeýle hem gatnaşyjylar GDA-nyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Meýilnamanyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy.

Mejlisiň dowamynda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeniýet günleri» Konsepsiýasynyň taslamasy we «Arkalaşyk» atly halkara kinofestiwal hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi. Gatnaşyjylar «GDA-nyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere hem seretdi.

Medeni mirasy gorap saklamak, dikeltmek we wagyz etmek boýunça bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Şeýle hem ýaşlaryň döredijilik çärelerini, halkara bäsleşikleri we ylmy-amaly maslahatlary geçirmek maslahatlaşyldy.

2026-njy ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk edýär. Başlyklyk etmegiň çäginde ýurt ynsanperwer gün tertibine hem-de Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär.