BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşykda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmäge üns berildi

Şu gün, 17:25307
1 / 2

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (BMG-Habitat) sebitara geňeşçisi Katýa Şeferiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-Habitat bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şunda şäherleriň we ilatly nokatlaryň durnukly ösüşi, şähergurluşyk syýasatyny kämilleşdirmek hem-de çäkleri meýilleşdirmegiň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar Hökümet bilen BMG-Habitatyň arasynda baglaşylan Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäginde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň amaly meselelerine garady. Hususan-da, 2027–2031-nji ýyllar üçin Ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasyny taýýarlamak we geljekki döwür üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek aýratyn bellenildi.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda BMG-niň Gün tertibiniň durmuşa geçirilmeginiň çäginde bu işler has-da ähmiýetlidir. Gün tertibi açyk, howpsuz, durnukly we ekologik taýdan abadançylygy üpjün edilen şäherleri hem-de ilatly nokatlary döretmegi göz öňünde tutýar.

Duşuşyk Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, şähergurluşyk ulgamynda häzirki zaman çemeleşmelerini ornaşdyrmaga we halkara tejribäni alyşmaga taraplaryň taýýardygyny tassyklady.