Şu gün, 3-nji noýabrda, Türkmenistanda Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň gurluşyk we senagat toplumynyň zähmetsöýer işgärlerine gutlag hatyny ýollady.
Döwlet Baştutany öz gutlagynda toplumyň millli ykdysadyýetdäki ornuna ýokary baha berdi:
«Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere we gazanylýan ägirt uly üstünliklere ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň zähmetsöýer işgärleri hem mynasyp goşant goşýarlar».
Prezident milli maksatnamalara laýyklykda ýurduň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän bilim, saglygy goraýyş we önümçilik maksatly desgalara aýratyn ünsi çekdi. Gutlagda Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda binagärligiň milli däpleri bilen dünýä tejribesiniň sazlaşykly utgaşdyrylýandygy nygtaldy.
Döwlet Baştutany milli ykdysadyýetiň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň hem möhüm orny eýeleýändigini, pudagyň okgunly ösüşiniň ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň we döwrebap önümçilik binýadyny pugtalandyrmagyň möhüm şertleriniň biridigini belledi.
Şeýle hem hatda elektrik himiýa senagaty we ýol gurluşygy ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň ýurduň ulag-logistika hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtalýar.
Hünär baýramyna bagyşlanan gutlagynyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow toplumyň işgärlerine ýurduň gurluşyk we senagat ulgamyny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.