«Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy ilkinji sammitine bagyşlanan Koreý medeniýetiniň hepdeligi geçirildi. Tmcars.news-iň žurnalistiniň habar bermegine görä, ýüzlerçe höwesjeňleriň we koreý medeniýetini söýüjileriň gatnaşan bu dabaraly çäresi Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy. Açylyş dabarasynyň hormatly myhmany hökmünde Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi Li Won Çže gatnaşdy.
Medeni hepdeligiň çäginde myhmanlar üçin gyzykly bäsleşikler we oýunlar taýýarlandy. Esasy bäsleşigiň şerti boýunça gatnaşyjylar Koreýanyň bäş şäheriniň — Seul, Pusan, Çonju, Kýonju we Çeju şäherleriniň aýratynlyklaryny beýan edýän pawilýonlara aýlanyp, ýumuşlary ýerine ýetirmelidi.

Myhmanlar koreý diliniň harplary bilen tanyşmaga, gyzykly meseleleri çözmäge hem-de koreý halkynyň milli başgabyny ýasamagy öwrenmäge mümkinçilik aldy. Şäherler boýunça ýumuşlary doly ýerine ýetirip, syýahatçynyň kartasyna degişli möhürleri basdyran gatnaşyjylar ýörite sowgatlar bilen sylaglandy.

Şeýle hem çäräniň dowamynda Koreýanyň taryhyna, medeniýetine we milli däp-dessurlaryna bagyşlanan ýörite sorag-jogap (Quiz) bäsleşigi guralyp, işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlyklary gowşuryldy.

Meýdançada guralan ýörite oýun zolagynda myhmanlar Koreýanyň «tuho», «jegi depmek» we «ddakji» ýaly milli oýunlaryny synap gördi. Göwün açyjy fotozolaklar bolsa gatnaşyjylara ýakymly pursatlary saklap galmaga şert döretdi.
Dabaraly çäräniň çäginde koreý halkynyň süýjülikleri hem hödürlendi.

Mundan bir gün öň, Koreý medeniýetiniň hepdeligi Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dünýä belli «SDG Crew» tans toparynyň ilkinji gezek çykyş etmegi bilen bellenildi. Bu topar doly garaňkylykda ýokary tehnologiýaly yşyk berýän lybaslary geýmek arkaly tans şüweleňi žanrynda ilkinjileriň biri hasaplanýar. Tansçylar eşiklerindäki sazyň ritmine laýyklykda ýanyp-öçýän ýüzlerçe diodlaryň kömegi bilen şüweleň görkezýär.

Ýatlap geçsek, Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy ilkinji sammiti şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Koreýada geçirilipdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti bilen bir hatarda Günorta Koreýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Liderleri gatnaşdy.