Migrasiýa gullugynda gozgalan meseleler: wiza, onlaýn hasaba alyş we raýatsyzlyk...

Şu gün, 16:493,742
1 / 3

Türkmenistanda daşary ýurt raýatlary üçin onlaýn hasaba alynmak mümkinçiligi we elektron wiza ýola goýuldy. Bular dogrusynda we ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykylmagy, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler 30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda geçirilen brifingde maslahatlaşyldy.

Çärä daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurtdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri hem-de konsullary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde gürrüňi edilen esasy meseleleriň biri Türkmenistanyň BMG-niň «Men degişli» (#IBelong) global maksatnamasynyň çäklerinde öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi barada boldy. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda raýatsyzlygyň soňuna çykylandygy we Türkmenistanyň BMG, Halkara migrasiýa guramasy hem-de BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarlygy bilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigi nygtaldy.

Esasy üns öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine gönükdirildi. «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara ýurda gelmäge rugsat berýän elektron wiza (e-Visa) ulgamynyň işe girizilendigi bellenip geçildi.

Mundan başga-da, daşary ýurt raýatlarynyň we olary kabul edýän taraplaryň Migrasiýa gullugynyň edaralaryna gelmezden, internet arkaly hasaba durmagyna mümkinçilik berýän «Onlaýn hasaba alyş ulgamynyň» ýola goýlandygy nygtaldy. Bu täze sanly hyzmatlar resminama dolanyşygyny ýeňilleşdirip, wagty tygşytlamaga we işiň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Brifingiň dowamynda Migrasiýa gullugynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary hem-de emeli aň mümkinçiliklerini özleşdirmek meselesine hem üns çekildi.

Çäräniň ahyrynda tanyşdyryş wideoşekilleri görkezilip, gatnaşyjylary gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alşyldy.