Biologlar Indoneziýanyň Sulawesi adasynda öň ylma mälim bolmadyk agaç gurbagalarynyň täze görnüşini ýüze çykardylar. Bu jandarlar Mekong daglarynda tokaý çapýan adamlar tarapyndan döredilen kiçijik möwsümleýin suw howdanynda ýaşaýarlar. Bu barada Earth.com neşiri habar berýär.
Täze görnüşe Rhacophorus kurniatiae diýlip atlandyryldy. Onuň, takmynan, AA batareýasynyň ölçegi bilen deň bolan wekilleriniň penjelerinde uly perdeler bar. Gurbagalar bu perdeleriň kömegi bilen agaçlaryň arasynda süýşüp hereket edip bilýärler.

Bu gurbagalaryň häzirlikçe mälim bolan ýeke-täk ýaşaýan ýeri deňiz derejesinden 1876 metr belentlikde ýerleşýän suw howdanydyr. Alpinistler bu ýeri «Coca-Cola köli» diýip atlandyrýarlar. Bu emeli howdan bolup, ol ýagyş suwlarynyň hasabyna dolýar we gurak möwsümde takraýar.
Täze görnüş, daşyndan seretseň, özüne ýakyn garyndaşlaryndan tapawutlanmaýar diýen ýaly. Şonuň üçin alymlar ony kriptiki görnüşleriň hataryna goşýarlar. Kriptiki görnüşler daşky keşbi boýunça biri-birine meňzeş bolsalar-da, özlerini alyp baryşlary we genetiki aýratynlyklary bilen tapawutlanýan jandarlardyr.

Açyş DNT barlagy, erkek gurbaganyň dört notadan ybarat jübütleşiş sesiniň ýazgysy we onuň köpelmeginiň aýratyn usulyny öwrenmek arkaly tassyklanyldy. Ýakyn garyndaşlarynyň köpüsinden tapawutlylykda, bu gurbagalar köpürjikli höwürtgeleri gurmaýarlar. Olar suwuň üstünde ýerleşýän ýumşak, mürepbä meňzeş massa görnüşinde işbil taşlaýarlar.