Özbegistanda «Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny» döretmek işine girişildi

Düýn, 20:401,223
1 / 2

Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitabyny» taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa Özbegistanyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky milli komitetiniň hem-de Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) wekilleri, ylmy-barlag edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleri gatnaşdylar.

Sebitleýin bitewi neşiri döretmek baradaky başlangyjy Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 2026-njy ýylyň aprelinde Astanada geçirilen Sebitleýin ekologiýa sammitinde öňe sürüpdi. Özbegistanyň Ekologiýa komitetiniň departamentiniň ýolbaşçysy Bahrom Holhojaýewiň bellemegine görä, bu taslama Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň alymlarynyň bilimlerini we ylmy gözegçilikleriniň netijelerini bir ýere jemlemäge mümkinçilik berer.

«Bu başlangyç halkara ähmiýete hem eýedir. Hususan-da, 2022-nji ýylda kabul edilen Kunmin-Monreal biodürlüligiň ählumumy çarçuwaly maksatnamasynyň dördünji maksady adamyň işjeňliginiň netijesinde görnüşleriň ýok bolup gitmeginiň öňüni almaga we ýok bolup gitmek howpy abanýan görnüşleri dikeltmäge gönükdirilendir. «Merkezi Aziýanyň Gyzyl kitaby» bu maksada ýetmek üçin zerur bolan ylmy bahalandyrmalary geçirmäge we tebigaty goramak boýunça ileri tutulmaly ugurlary kesgitlemäge ýardam berer» diýip, Bahrom Holhojaýew aýratyn nygtady.

Ösýän we ýaşaýan ýeri döwlet serhetleri bilen çäklenmeýän seýrek ösümlikleriň we haýwanlaryň goragyny güýçlendirmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň alymlarynyň ylmy maglumatlaryny bir neşire jemlemek möhümdir.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar görnüşlere baha bermegiň usullaryny, olaryň ýok bolup gitmek howpunyň derejesini kesgitlemegiň ýollaryny, Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (IUCN) Gyzyl sanawynyň ölçeglerini we sebit derejesinde baha bermegiň usulyýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ylmy maglumatlary ulgamlaşdyrmak, bilermenleriň netijenamalaryny taýýarlamak we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleriniň mundan beýläkki bilelikdäki işini ýola goýmak üçin zerur esaslary döretmek göz öňünde tutulýar.