«Arap Şengeni»: 6 sany arap döwleti umumy wizany işe girizmäge taýýarlanýar

Şu gün, 13:351,035

Arap döwletleriniň altysy üçin ýakyn wagtda ýeke-täk syýahatçylyk wizasy işe giriziler. Bu barada Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Muhammed al-Budaiwi Er-Riýadda geçirilen «Howpsuzlyk we taryh boýunça dialog» maslahatynda mälim etdi diýip, Khaleej Times neşiri habar berýär.

Täze ulgam resmi taýdan "GCC Grand Tourist Visa" diýlip atlandyryldy. Bu wiza bilen daşary ýurtly syýahatçylar Bahreýn, Kuweýt, Oman, Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) we Kataryň arasynda her ýurt üçin aýratyn wiza almazdan syýahat edip biler.

«Bu wiza Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde möhüm ädim bolar we GCC döwletleriniň arasynda syýahatçylaryň erkin hereket etmegini ýeňilleşdirer» diýip, Al-Budaiwi belledi.

Mundan öň bu taslamanyň synag tapgyrynyň 2026-njy ýylyň dördünji çärýeginde başlamagynyň mümkindigi habar berlipdi. Wizanyň haçan resmi taýdan işe giriziljekdigi, nyrhy, hereket ediş möhleti we resmileşdiriliş tertibi häzirlikçe anyk kesgitlenilmedi.

Çaklamalara görä, ol elektron görnüşindäki wiza bolup, eýelerine sebit ýurtlarynda 30 günden 90 güne çenli bolmaga mümkinçilik berer. Wizanyň deslapky bahasynyň 100–150 ABŞ dollary aralygynda bolmagyna garaşylýar.

«Arap Şengeni» diýen adalga resmi häsiýete eýe däldir. Ol Şengen zolagyna girýän ýurtlaryň arasynda aýratyn milli wiza resmileşdirmezden syýahat etmäge mümkinçilik berýänligi üçin gepleşik dilinde we mediada deňeşdirme hökmünde ulanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.