Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi

16.04.2026, 10:437,977
1 / 2

Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar.

​Ýedi ýyllyk arakesmeden soň, 2025-nji ýylyň başynda gaýtadan dikeldilen gurluşyk işlerini 2028-nji ýylyň awgustyna çenli doly tamamlamak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda gurulýan desganyň beýikligi eýýäm 402 metrden geçdi.

​Dünýäniň häzirki iň beýik binasy bolan «Burj Halifa-nyň» binagärleri (Adrian Smith + Gordon Gill býurosy) tarapyndan işlenip düzülen bu taslama, täze işewürlik merkezi bolan «Jeddah Economic City» etrabynyň ýüregi bolar. Binanyň gurluşygy patyşalygyň ykdysadyýetini dürlüleşdirmäge gönükdirilen «Vision 2030» maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar.

​Inženerleriň bellemegine görä, Gyzyl deňziň kenaryndaky bu ägirt gurluşyk işleri gaýtadan başlanandan soň, iň ýokary depgine eýe boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.