Si Szinpin, Putin, Ärdogan we beýleki dünýä liderleri Türkmenistany baýram bilen gutlady

Şu gün, 06:072,387

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli birnäçe döwletleriň ýolbaşçylaryndan gutlag hatlary gelip gowuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini, ýurduň ösüşde ýokary sepgitlere ýetýändigini we halkara giňişlikdäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny belledi. Ol hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini aýdyp, «Hytaýyň we Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşigini”» gurmagy täze derejä çykarmak üçin tagallalary utgaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.

Si Szinpin hatyny:

«Türkmenistana gülläp ösüş we rowaçlyk, halkyňyza bolsa bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuw edýärin», — diýen sözler bilen jemleýär.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginli häsiýetini we oňyn Bitaraplyk syýasatynyň Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitlerinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyny belledi.

«Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Russiýa we Türkmenistan dürli ulgamlarda işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde üstünlikli hereket edýär. Biz dostlukly halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça oňyn dialogy hem-de bilelikdäki işimizi dowam ederis», — diýip, Wladimir Putin belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iki halkyň taryhy, dini we medeni umumylyklaryna ünsi çekip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentini ýene bir ýola 11–12-nji noýabrda Antalýada geçiriljek COP31 Liderler sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrandygyny aýtdy.

«Siziň Alyhezretiňizi we doganlyk Türkmenistanyň halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaýaryn», — diýilýär onuň hatynda.

Gutlag hatlaryny Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon hem iberdiler.

Şeýle hem döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlady:

«Sizi Watanymyzyň berkararlygyny we şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyzlygymyzyň röwşen ýolunda eziz Diýarymyzy abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmäge gönükdirilen tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin»

Ol Prezidente Garaşsyzlygyň binýadyny pugtalandyrmak, halkyň röwşen geljege ynamyny berkitmek, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrundaky asylly maksatlarynyň üstünlikli amala aşmagyny arzuw etdi.