Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli Polşanyň Prezidenti Karol Nawroskä we ýurduň ähli halkyna gutlag hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany Polşanyň Liderine berk jan saglygy hem-de bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.
Polşanyň Milli garaşsyzlyk güni 11-nji noýabrda bellenilýär. Bu sene ýurduň 123 ýyllyk bölünişiginden soň Polşa döwletiniň dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr. 1918-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Ýuzef Pilsudskiý polýak goşunlaryna serkerdelik etmek ygtyýaryny aldy, bu bolsa garaşsyz Polşa döwletiniň gaýtadan dikeldilmeginiň nyşanyna öwrüldi. Şol gün Germaniýa Birinji jahan urşuny tamamlan ýaraşyk ylalaşygyna gol çekdi.
1937-nji ýylda 11-nji noýabr resmi taýdan döwlet baýramy diýlip yglan edildi. Ikinji jahan urşundan soň onuň bellenilmegi gadagan edildi, 1989-njy ýylda bolsa Garaşsyzlyk güni Polşanyň döwlet senenamasyna gaýtadan girizildi.
2026-njy ýylda Polşa garaşsyzlygynyň dikeldilmeginiň 108 ýyllygyny belleýär.