Antalýada BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde Türkmenistanyň wekilleri daşky gurşawy goramak, durnukly energetika, oba hojalygy we suw serişdelerini dolandyrmak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe halkara resminamalara gol çekdi. Bu barada THP habar berýär.
Hususan-da, türkmen tarapy Çagalar, ýaşlar we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek baradaky halkara Jarnamasyna goşuldy. Resminama ýaş nesli howa üýtgemeleriniň netijelerinden goramak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy hem-de çagalary we ýaşlary ekologiýa we howa gün tertibiniň işjeň gatnaşyjylary hökmünde ykrar etmegi göz öňünde tutýar.
Şeýle hem aşakdaky resminamalara gol çekildi:
UNIDO bilen — 2026–2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanda gidrohlorftoruglerodlary tapgyrlaýyn dolanyşykdan aýyrmak boýunça taslamanyň üçünji tapgyryny durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyk. Resminama daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we UNIDO-nyň Klimat innowasiýalary we Monreal protokoly bölüminiň direktory Alois Mlanga gol çekdi.
FAO bilen — 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň ýurt boýunça çarçuwaly maksatnamasy. Bu resminama oba hojalyk ministri Çaryýar Çetiýew we FAO-nyň wekili Nabil Ganji gol çekdi. Maksatnama oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, howa şertlerine uýgunlaşdyrylan ekerançylyk we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.
BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen — Türkmenistanyň uzakdaky ilatly nokatlarynda energetika geçişini goldamaga gönükdirilen bilelikdäki taslama resminamasy. Resminama daşky gurşawy goramak ministri Öwezgeldi Goşjanow we BMGÖM-üň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan gol çekdi.
Halkara suw serişdelerini dolandyrmak instituty (IWMI) bilen — özara düşünişmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama. Resminama Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew we IWMI-ň baş direktory Mark Smit tarapyndan gol çekildi. Hyzmatdaşlyk suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda häzirki zaman ylmy çemeleşmelerini we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar.