10-njy noýabrda Aşgabatdaky Atatürk adyndaky seýilgähde Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
Türk halkynyň beýik ogluny hatyralama çäresi onuň aradan çykmagynyň 88 ýyllygy mynasybetli guraldy. Çärä Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi, Aşgabat şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, türk işewürleri, şeýle hem Aşgabatdaky Bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdy.
Bir minutlyk dymyşlykdan soň, Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlandy.
Türkiýäniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili Derýa Başarangil ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, Mustafa Kemal Atatürküň türk döwletiniň döremeginde we gülläp ösmeginde uly orun eýeländigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, diplomat Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygyna we «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesine esaslanýan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedigini belledi.
Mustafa Kemal Atatürk (1881–1938) — görnükli döwlet we syýasy işgär, Türkiýe Respublikasynyň ilkinji Prezidenti. Onuň dolandyran döwründe demokratiýa, deňhukuklylyk we erkinlik ýörelgelerine esaslanan täze Konstitusiýa kabul edildi.