Antalýada 9–20-nji noýabr aralygynda BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky 31-nji maslahaty (COP31) geçiriler. Duşuşygyň esasy mowzugy 2015-nji ýyldaky Pariž şertnamasyny iş ýüzüne geçirmekden ybarat bolar diýip, «Anadolu» agentligi habar berýär.
Pariž ylalaşygynyň çäginde ýurtlar ortaça global temperaturanyň ýokarlanmagyny, industrialdan öňki döwür bilen deňeşdirilende, 2°C-den ep-esli aşakda saklamaga we ony 1,5°C-de çäklendirmek üçin tagallalary dowam etdirmäge ylalaşypdy. Emma BMG-niň synynda dünýäniň, tersine, bu çäkden geçmäge tarap barýandygy bellenilýär.
COP31 maslahatynyň esasy meseleleriniň biri klimatik maliýeleşdirme we zyňyndylary azaltmak bolar. Bu ugurlar Pariž ylalaşygynda göz öňünde tutulan hem bolsa, ýurtlara olary amala aşyrmagyň takyk ädimlerini ylalaşmak entek başartmady.
Maslahata nominal JIÖ boýunça dünýäniň iň uly ykdysadyýeti bolan ABŞ-nyň wekilleri gatnaşmaýar. Donald Tramp Pariž ylalaşygyna garşy çykyş edýär. Ol 2017-nji ýylda özüniň ilkinji prezidentlik möwsüminde ABŞ-nyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan edipdi. Emma Jo Baýden häkimiýete geleninden soň bu ylalaşyga gaýtadan goşuldy. Ikinji prezidentlik möwsüminiň ilkinji gününde Tramp ABŞ-nyň ylalaşykdan çykmagy hakyndaky Permana ýene-de bir gezek gol çekdi.