Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Izmir şäherindäki metallurgiýa zawodynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren partlama zerarly Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgala agzalaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny bildirdi we ejir çekenleriň tiz wagtda sagalmagy baradaky dileglerini beýan etdi.
Ýatlap geçsek, 9-njy noýabrda Izmirdäki Habaş metallurgiýa zawodynda partlama 9-njy noýabrda boldy. Pajyganyň netijesinde 16 adam heläk boldy, ýene 13 adam şikes aldy.
Häkimiýetleriň maglumatyna görä, betbagtçylyk ýerli wagt bilen sagat 11:46 töweregi gazany çalyşmak işleri alnyp barylýarka ýüze çykdy. Ýere gaçan köpri görnüşli kran we ýykylan beýleki materiallar elektrik dugaly peje gaçyp, gaz geçiriji turba zeper ýetirdi. Şondan soň polat eredilýän sehde partlama bolup, zawodyň çäginde ýangyn döredi.