Medine şäheriniň golaýynda uranly magdanyň uly gorlary tapyldy

Düýn, 15:403,465

Saud Arabystanynda düzüminde uran saklaýan magdanyň uly gorlary tapyldy. Çaklamalara görä, onuň möçberi, takmynan, 110 million tonna ýetýär. Bu barada ýurduň energetika ministri, şazada Abdulaziz bin Salmanyň sözlerine salgylanan The National News neşiri habar berýär.

Wenada geçirilen Halkara atom energiýasy agentliginiň (IAEA) Baş konferensiýasynda çykyş eden ministr bu açyşyň Medine şäheriniň golaýyndaky Jabal Said taslamasynyň çäklerinde amala aşyrylandygyny aýtdy. Geologik barlaglaryň netijesinde uranyň we agyr seýrek ýer elementleriniň ýokary konsentrasiýasy bolan magdan ýüze çykaryldy.

Bu ýatagyň özleşdirilmegi iýul aýynda gol çekilen ABŞ–Saud Arabystanynyň parahatçylykly atom energiýasy we goranyş boýunça ylalaşygynyň çägine girýär.

Ylalaşygyň esasy şertleriniň biri Saud Arabystanynda amerikan kompaniýalarynyň uran baýlaşdyryjy zawodyny gurmagy üçin ýardam edip biljek degişli barlaglaryň geçirilmegi boldy.