Kerki–Kabul elektrik geçirijisiniň bir böleginiň gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlanar

Şu gün, 16:201,052

Kerki–Kabul elektrik geçirijisiniň Daşt-e Alwan bekedinden Kabul welaýatyndaky Argandi elektrik bekedine çenli bölegini 2027-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistan–Owganystan–Pakistan (TOP) elektrik geçirijisi taslamasy boýunça müdiri Myrat Artykow aýtdy.

Onuň Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, umumy uzynlygy 711 kilometre deň bolan 500 kW-lyk elektrik geçirijisiniň Şybyrgan–Daşt-e Alwan böleginiň gurluşyk işlerini ýakyn aýlarda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Taslamanyň indiki tapgyry bolsa Daşt-e Alwan bekedinden Kabul welaýatyndaky Argandi elektrik bekedine çenli aralygy öz içine alar. 

Bu iri infrastruktura desgasynyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň goňşy Owganystana iberýän elektrik energiýasynyň möçberini 800 megawata çenli artdyrmaga hem-de Kabulyň sarp edijilerini durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

TOP taslamasynyň çäginde häzirki güne çenli gatnaşyjy ýurtlaryň we maýadarlaryň arasynda 50-den gowrak halkara resminamana gol çekildi. Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işlerini yzygiderli dowam etdirmek maksady bilen, ýakyn geljekde Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda degişli ýol kartasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.