BTJ geçirijisi arkaly 10 mln tonna golaý türkmen nebiti geçirildi

Şu gün, 18:351,019

2023-nji ýyldan 2026-njy ýylyň awgust aýyna çenli aralykda Baku — Tbilisi — Jeýhan (BTJ) nebit geçirijisi arkaly 10 million tonna golaý türkmen nebiti geçirildi. Bu barada Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministriniň orunbasary Kamal Abbasow habar berdi.

Ol Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda, ilkinji nobatda, çig nebitiň, nebit we nebithimiýa önümleriniň söwdasynda uzak möhletleýin ýakyn hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny belledi.

Şeýle-de Kamal Abbasow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 22-23-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasyna bolan saparynyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny nygtady. Saparyň jemleri boýunça iki ýurduň Liderleriniň gol çeken bilelikdäki Beýannamasynda döwletleriň uly energetika mümkinçilikleriniň bardygy tassyklanylyp, energetika hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi.

Uzynlygy 1768 kilometre deň bolan Baku — Tbilisi — Jeýhan (BTJ) nebit geçirijisi çig nebiti Hazar deňzinden Ortaýer deňzine eltmäge mümkinçilik berýär. Ol Azerbaýjanyň Baku şäherinden başlap, Gruziýanyň çäginden geçýär we Türkiýäniň Ortaýer deňziniň ýakasyndaky Jeýhan portunda tamamlanýar.