Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň owgan bölegi boýunça tebigy gazyň iberilmegine 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň döwlet ministri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) XXXI halkara maslahatynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda aýtdy.
Onuň belleýşi ýaly, häzirki wagtda taslama kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre deň bolan bu gaz geçirijisiniň Serhetabat şäherinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli bolan böleginiň gurluşyk işleri bellenilen tertipde alnyp barylýar.
M.Babaýew bu iri taslama diňe bir energetika infrastrukturasy hökmünde däl, eýsem sebit aragatnaşygyny we ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde seredilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hyrat welaýatyna bolan saparynyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Owganystanyň «AfganGas» döwlet kompaniýasynyň arasynda welaýaty gaz bilen üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekilendigini ýatlap geçdi.
Türkmenistan öz energetika syýasatynyň çäginde eksport ugurlaryny gündogara, günorta we günbatara diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etdirýär. M.Babaýew «Türkmengaz» döwlet konserniniň awtomatlaşdyrmak, sanly modelirleme, gaz känleriniň intellektual dolandyrylyşy we hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda öňdebaryjy halkara tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.