Türkmenistan we Katar bilelikdäki taslamalary işe girizmek barada ylalaşdy

Şu gün, 10:511,479
1 / 2

20-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi ýolbaşçylyk etdi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlary guramak, syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmak hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine seretdi.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki köptaraplaýyn meýdançalaryň çäginde özara goldaw bermek, möhüm sebit we halkara meseleleri boýunça konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy.

Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek maksady bilen, işewürlik forumlaryny, iş duşuşyklaryny guramak we tegelek stollary geçirmek barada ylalaşyldy. Energetika, sanly tehnologiýalar we syýahatçylyk ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Bu wezipeleri berjaý etmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar bilelikdäki hökümetara toparynyň möhüm orny bellenildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek, hususan-da, özara Medeniýet günlerini geçirmek, bilim we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak meseleleri gün tertibiniň esasy ugurlarynyň biri boldy.