Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryna we ýurduň ähli halkyna Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Gutlag haty Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda, Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda ýollanypdyr.
Hatynda Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýandygyny belläp, bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Salman ben Abdelaziz Al Sauda hem-de Mirasdüşer Şazada, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Saud Arabystanynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.
«Goý, Gudraty Güýçli Allatagala Size ýurduňyzyň we külli musulman ymmatynyň bähbidine gönükdirilen ähli asylly başlangyçlaryňyzda hem-de maksatlaryňyzda medet bersin!» diýip, döwlet Baştutanymyz arzuwlaryny beýan etdi.
Saud Arabystanynyň Milli güni her ýylyň 23-nji sentýabrynda bellenilýär. Baýramçylyk Nеjd bilen Hijazyň bir döwlete birleşdirilmegi bilen baglanyşyklydyr. 1932-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda birleşen döwlet Saud Arabystany Patyşalygy diýlip atlandyryldy.