Kriştianu Ronaldu «Al-Nasr» klubuny satyn almak barada teklip taýýarlaýar

Şu gün, 16:203,972

Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu özüniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän «Al-Nasr» saud futbol klubunyň eýeleriniň biri bolmaga ymtylýar. Bu barada «A Bola» neşiri ýazýar.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, Ronaldu bilen bir hatarda Saud Arabystanynyň Döwlet maýa goýum gaznasyndan (PIF) aktiwi satyn almak baradaky teklibi ýene-de dört sany maýadar taýýarlaýar. Olaryň arasynda Italiýanyň «Milan» klubuna eýelik edýän RedBird Capital Partners kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jerri Kardinale hem bar.

Klubuň eýesi bolmak isleýänleriň her biriniň 92 million ýewro maýa goýmagyna garaşylýar. Söwda baradaky çözgüt PIF-iň 48 sagadyň içinde geçirmegi meýilleşdirýän gyssagly mejlisinde kabul ediler.

41 ýaşly Ronaldunyň «Al-Nasr» bilen häzirki şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Ol toparyň düzüminde Saud Arabystanynyň çempiony, şeýle hem Arap Çempionlar ligasynyň (Arap futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň howandarlygynda geçirilýär we FIFA-nyň resmi ýaryşy hasaplanmaýar) ýeňijisi boldy.

Karýerasynyň dowamynda hüjümçi Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real Madrid» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda çykyş etdi.

Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen birlikde futbolçy 2016-njy ýylyň Ýewropa çempionatyny we iki gezek Milletler ligasyny (2019, 2025) utdy. Ronaldu bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.