Duolingo-nyň Ýewropa Bileleşiginde petiklenmegi ähtimal

Şu gün, 16:30651

Ýewropa komissiýasy onlaýn hyzmatlar we ykjam programmalar üçin täze çäklendirmeleri göz öňünde tutýan «Sanly adalatlylyk hakynda» (Digital Fairness Act) kanunyň taslamasyny hödürledi. Resminama, hususan-da, hyzmatlary peýdalanyjylara endik döredip biljek funksiýalary öçürmek mümkinçiligini bermäge borçly eder.

«Wired» neşiriniň habar bermegine görä, bu çäklendirmeler wideolaryň awtomatik görkezilmegine, şeýle hem Duolingo we Strava ýaly hyzmatlaryň üznüksiz ulanylan günleriniň yzygiderliligini görkezýän striкler (streaks) funksiýasyny öz içine alar.

Şeýle-de taslama sarp edijileri dürli usullar bilen aldamagy we olaryň kararlaryna täsir etmegi hem gadagan edýär. Muňa harydyň gutaryp barýandygy baradaky galp duýduryşlar we petek satýan kompaniýalaryň ulanýan şübheli dinamiki baha çykaryş usullary degişlidir.

Täze düzgünlere laýyklykda, inflýuenserler harytlary mahabatlandyrandyklary üçin tölenen hak barada maglumat bermeli bolarlar. Mundan başga-da, ulanyjylara sanly abunalary ýatyrmak işi ýeňilleşdiriler we diňe awtomatlaşdyrylan goldaw ulgamyna däl-de, eýsem, göni hünärmen bilen habarlaşmaga-da mümkinçilik dörediler.

Kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin bolsa gizlin maglumatlaryň ulanylmagyna esaslanýan şahsylaşdyrylan mahabatlary we bahalary kesgitlemegi doly gadagan etmek teklip edilýär.

Kanun taslamasy Ýewropa Bileleşiginiň sarp edijileri goramak baradaky kanunçylygyny has giň gerimde täzelemegiň bir bölegi bolup, ol onlaýn söwdada, sosial ulgamlarda hem-de mobil programmalarda zyýanly sanly tejribeleriň öňüni almaga gönükdirilendir.