«Ar alyjylar: Oýnuň soňy» (Avengers: Endgame) filmi «Awatardan» öňe geçip, ýene-de taryhdaky iň köp girdeji gazanan film adyna eýe boldy. Filmiň gaýtadan prokata çykarylmagyndan soň, onuň dünýä boýunça gazanan girdejisi 2,925 milliard dollara ýetdi. «Awatar» bolsa bäş gezek gaýtadan görkezilmegini hasaba alanyňda, 2,923 milliard dollar girdeji gazandy.
Variety neşiriniň habar bermegine görä, «Oýnuň soňy» filminiň häzirki gaýtadan görkezilişi 126 million dollardan gowrak girdeji getirdi. Disney-iň we Marvel-iň bu filmi ýene-de uly ekranlara çykarmagynyň maksady «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Avengers: Doomsday) filmine bolan gyzyklanmany artdyrmakdy. Täze filmiň režissýorlary hem «Oýnuň soňundaky» ýaly Entoni we Jo Russo bolar. «Ar alyjylar: Kyýamat güni» Marvel kinematografiýa äleminiň 39-njy filmi bolar.
«Ar alyjylar: Oýnuň soňy» 2019-njy ýylda ekranlara çykdy we Marveliň on ýylyň dowamynda çykaran öňki 21 filminiň wakalarynyň jemlenýän esasy bölümi boldy. Filmiň wakasyna görä, Tanos Älemdäki ähli janly-jandarlaryň ýarysyny ýok edýär. Şondan soň super gahrymanlar dünýäni halas etmek üçin geçmişe dolanmaly bolýarlar. Filmde Robert Dauni-kiçi, Kris Ewans, Skarlett Ýohansson, Tom Holland, Çedwik Bouzman we Entoni Maki ýaly aktýorlar baş keşpleri janlandyrdy.
«Awatar» on ýyllap iň köp girdeji gazanan film rekordyny saklady. 2019-njy ýylda onuň rekordyndan «Ar alyjylar: Oýnuň soňy» öňe geçdi. 2021-nji ýylda bolsa Jeýms Kemeronyň filmi kinoteatrlara gaýtadan çykarylyp, ýene-de birinji orna geçdi.
Iki rekord eýesi hem Disney kompaniýasy bilen baglanyşyklydyr. «Awatar» filmini 20th Century Fox düşürdi. Disney bu kompaniýany 2019-njy ýylda satyn aldy. Fox-yň kino aktiwlerini hem hasaba alanyňda, taryhdaky iň köp girdeji gazanan 10 filmiň ýedisi Disney kompaniýasyna degişli. Olaryň arasynda «Awatar: Suwuň ýoly», «Titanik» we «Ar alyjylar: Çäksizligiň söweşi» hem bar.