Irland ýigidi Stambuldan öz ýurduna çenli 6805 km ýoly aýakýalaň söküp, Ginnese girdi

13.09.2026, 17:597,520
1 / 6

34 ýaşly irlandiýaly Eamon Kiwni Stambuldan öz dogduk şäheri Klermorrise çenli aýakýalaň 6805,83 kilometr ýol geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol 10 ýurdy kesip geçýän bu syýahatyny 369 günüň dowamynda tamamlady.

Kiwni ýoluny Türkiýeden başlady. Soňra Bolgariýadan, Rumyniýadan, Wengriýadan, Awstriýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Angliýadan we Welsden geçip, ahyrynda Irlandiýa baryp ýetdi.

«Elbetde, aýaklarym gaty köp ejir çekdi. Dabanymyň derisi galyňam bolsa, uzak gün asfalt ýoluň üstünde ýöränim üçin sürtülmekden ýaňa ganjaryp gitdi. Aýaklaryma tikendir aýna bölekleri-de çümdi. Syýahaty ahyrlaberemde gyrymsy tiken çümüp, başam barmagym çişdi, bir hepde dagy ýöräbilmedim» diýip, ol gürrüň berýär.

Howa şertleri hem syýahatçyny uly synaga salypdyr. Ol tomus aýlarynda güýçli yssy, gyşda bolsa aýazly sowuk sebäpli ýörişini togtatmaly bolýar.

Kiwniň aýtmagyna görä, ýol ugrunda köplenç oňa geňirgenip seredilen bolsa-da, umuman alanyňda adamlar ony hoşniýetli kabul edipdirler. Nätanyş adamlar öýlerine myhmançylyga çagyryp, naharlapdyrlar, kömegini gaýgyrmandyrlar. Meselem, Türkiýede bir maşgala ony kofe içmäge we ertirlik edinmäge çagyrypdyr.

«Ýola çykmazymdan öň şol öýüň agtygy maňa şäheriň kiçijik kartasyny çyzyp berdi. Kartada hassahananyň ýerleşýän ýerinem görkezipdir» diýip, Kiwni ýatlaýar.

2016-njy ýylda Kiwni aýakýalaň edilen iň uzyn syýahat boýunça eýýäm bir rekord goýupdy. Şonda ol Irlandiýanyň çäginde 2080,14 kilometr ýol geçipdi. Ýöne 2024-nji ýylda polşaly Pawel Durakewiç 3409,75 kilometr ýol söküp, onuň rekordyny döwüpdi.

Şeýle-de Kiwni bir tigirli welosiped bilen Irlandiýany iň çalt kesip geçmek boýunça rekordyň hem eýesidir.