Kapadokiýada güýçli ýagyşlar sebäpli gaýa opuryldy: üç adam heläk boldy

Düýn, 21:016,465
1 / 4

29-njy oktýabrda Türkiýäniň Kapadokiýa sebitinde, Göremedäki açyk asman astyndaky muzeýe girelgäniň golaýynda gaýa opuryldy. Pajyganyň netijesinde üç adam aradan çykdy, ýene 5 adam şikes alyp, hassahana ýerleşdirildi. Bu barada ýerli häkimiýetlere salgylanýan Hürriyet neşiri habar berdi.

Deslapky maglumatlarda opurylma güýçli ýagyşlaryň sebäp bolandygy aýdylýar. Ýagşyň zarbyna gaýadan uly daş bölekleri gopup, adamlaryň duran ýerine düşüpdir. Netijede, birnäçe adam daşlaryň we harabalaryň aşagynda galyp, heläk bolupdyr.

Güýçli ýagyş we ýel sebäpli, Kapadokiýada 29-njy we 30-njy oktýabr günlerinde meýilleşdirilen howa şarlaryndaky uçuşlar hem ýatyryldy.

Göreme milli seýilgähi Kapadokiýanyň taryhy sebitinde ýerleşýär. Bu ýer özboluşly gaýa şekilleri we howa şarlaryndaky gezelençleri bilen köp syýahatçylary özüne çekýär. Bu sebitde gadymy gowaklar, ýerasty şäherler we gaýalaryň içine oýulyp ýasalan ybadathanalar saklanyp galypdyr.

Pajyganyň netijesinde ýurduň adalat ministri Akyn Gürlek derňew işiniň gozgalandygyny habar berdi.